Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

  • 12.12.2025 15:21
  • 3.4k+

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler.

Sowgatlar hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan iberildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygy dikeldilýän we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary bu ýerlerde guralan çärelere gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Gowşurylan nygmatlaryň hatarynda dürli miweler, gök-bakja, çörek we süýji-köke, şöhlat önümleri, miwe suwlary bar. Bagtyýar körpelerdir çagalar iberilen baýramçylyk sowgatlaryny uly ruhubelentlik we çäksiz hoşallyk bilen kabul etdiler. Olar datly sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny aýdymdyr tanslar, labyzly goşgular arkaly beýan etdiler.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......