Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy
Astronomlar Uly partlamadan 900 million ýyl geçensoň emele gelen galaktikany tapdylar. Şekiline görä, oňa "kosmiki üzüm" ady berildi diýip, National Radio Astronomy Observatory-daky makalada aýdylýar. “Habbl” teleskopynyň ilkinji suratlarynda galaktika bulaşyk ýaly görünýärdi, ýöne täze tehnologiýalar azyndan 15 sany äpet ýyldyz emele getirýän toparyň aýlanýan ulgamyny synlamaga mümkinçilik berdi...