Stiç 2025-nji ýylda Disney-iň iň şowly çykan gahrymany boldy

  • 03.01.2026 11:07
  • 1.8k+

«Lilo we Stiç» franşizasynda başga planetadan gelen Stiç 2025-nji ýylda Disney-iň esasy maliýe üstünligi boldy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

«Lilo we Stiç» multfilminiň remeýki dünýä prokatynda 1,04 mlrd dollardan gowrak ýygnap, ýylyň iň köp girdeji gazanan taslamalarynyň biri boldy. Stiçiň suraty bolan harytlaryň satuwy 2025-nji maliýe ýylynda 4 mlrd dollardan geçdi.
Neşir Stiçiň taryhynyň Disney-iň baryp Uolt Disney tarapyndan oýlanyp tapylan klassyk strategiýasyny görkezýändigini belleýär. Filmiň çykmagy bilen bir hatarda oýunjaklar, egin-eşikler ýaly harytlar, seýilgählerde bolsa bu gahryman bilen baglanyşykly güýmenjeler peýda boldy we sanly kontent döredildi. Disney-iň baş brend-müdiri Asad Aýazyň aýtmagyna görä, bu hem gahrymany «uly medeni hadysa» öwürdi.
Bilermenler Stiçiň mümkin däl diýen ýaly zady başarandygyny – onuň Disney dünýäsinde Mikki Mausyň ornuny tutandygyny belleýär. Kompaniýa her ýyl dünýäni aýlanyp, Disney Holiday Magic Tour syýahatyny geçirýär. 2025-nji ýylda hem Mikki Mausyň deregine esasy gahryman hökmünde Stiç saýlandy.

«Stiç adamlaryň göwnünden turýar, sebäbi ol ideal däl. Onuň oýunçyl bezzatlygy we rehimdarlygy biziň köpümiziň şu dünýäde synanyşyp, büdräp we hemişe “ohana” (maşgala) gaýdyp barýan ýoly tapyp ýaşaýandygymyzy görkezýär» – diýip, Aýaz belledi.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....