Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

  • 05.01.2026 12:06
  • 7.2k+

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy.

Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi. Bäsleşige 28 ýurtdan 240-a golaý türgen gatnaşdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.
Ýaryşda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 104-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulşat Amanowa 53 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermekde 77 kilogram, itekläp götermekde 93 kilogram we umumylykda 170 kilogram netije bilen üç bürünç medal gazandy. Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Akdepe etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Bunýad Raşidow 71 kilogram agram derejesinde çykyş edip, iki altyn we bir kümüş medala mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 145 kilogram we iki görnüşiň jemi boýunça 314 kilogram görkeziji bilen bäsdeşlerinden tapawutlandy, itekläp götermekde galdyran 169 kilogramlyk agramlygy bolsa kümüş medal bilen bellenildi.
Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Zybagül Söýmüşowa 58 kilogram agram derejesinde bäsleşip, silterläp götermekde görkezen 78 kilogramlyk netijesi bilen baýrak gaznamyza bürünç medal goşdy. 79 kilogram agram derejesinde güýjüni synan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gaýgysyz Töräýew itekläp götermekde (190 kilogram) kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (330 kilogram) bürünç medallar bilen ýaryşy tamamlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Medine Amanowa 63 kilogram agram derejesinde bäsleşip, üç görnüş boýunça hem kümüş medallara mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 91 kilogram, itekläp götermekde 111 kilogram hem-de iki görnüşiň jemi boýunça 202 kilogram netije görkezdi. 94 kilogram agram derejesinde çykyş eden Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Sakarçäge etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Rüstem Annaberdiýew silterläp götermekde (151 kilogram) we umumylykda (330 kilogram) kümüş medallary eýeledi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Resul Rejepow hem şol agramda çykyş edip, silterläp götermekde (151 kilogram) bürünç medala mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda türkmen agyr atletika mekdebiniň zehinli türgenleriniň biri hasaplanýan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anamjan Rustamowa 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üç altyn medal gazandy. Ol silterläp götermekde 105 kilogram, itekläp götermekde 135 kilogram we umumylykda 240 kilogram netije görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gyllukçysy Dawranbek Hasanbaýew 110 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp götermekde (180 kilogram) altyn, itekläp götermekde (200 kilogram) bürünç, umumylykda (380 kilogram) altyn medallara mynasyp boldy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....