Samsung kompaniýasy Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini görkezdi

  • 03.01.2026 23:32
  • 5.6k+

Samsung iki sany täze gurluşyny – Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini hödürledi. Olaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende kämilleşdirildi.

Galaxy A17 5G smartfony Full HD+ durulygy we 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekranyna eýe boldy. 13 Mp frontal kamera damja görnüşli deşikde ýerleşdirildi. Yzynda üçli kamera oturdyldy: optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp esasy modul, 5 Mp ultra giňburçly kamera we 2 Mp makrosensor.
Smartfon 4 GB operatiw we 128 GB hemişelik ýat bilen Exynos 1330 prosessorynda işleýär. 5000 mA/sag sygymly akkumulýator 25 Wt çenli çalt zarýad alşy goldaýar. Şeýle-de, smartfona Google-yň Circle to Search funksiýasy goşuldy.
Galaxy Tab A11+ planşeti 1920 × 1200 piksel durulyk we 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 11 dýuýmlyk suwuk kristal displeýi bilen üpjün edildi. Planşetde 5 Mp frontal we 8 Mp esasy kamera bar.
Gurluş MediaTek Dimensity 7300 prosessoryna, 6 ýa-da 8 GB operatiw we 128 ýa-da 256 GB hemişelik ýada eýe boldy. Awtonomlyga 25 Wt çenli zarýad goldawy bilen 7040 mA/sag akkumulýator jogap berýär. Wi-Fi we 5G bolan wersiýalar hem göz öňünde tutuldy.
Galaxy A17 5G-niň bahasy 200 dollar. Wi-Fi bolan Galaxy Tab A11+ planşetiniň bahasy bolsa 250 dollar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...