Gündogar senenamasy boýunça 2026-njy ýyl Gyzyl ot ýaly ýanyp duran atyň astynda geçer. Bu owadan we kuwwatly jandar tizligi, güýji, erkinligi we garaşsyzlygy alamatlandyrýar.
«Wokrug sweta» neşiri on sany täsin ýabany we öý atlarynyň sanawyny hödürledi. Olaryň her biri öz daşky keşbi, gelip çykyşy ýa-da adamzat taryhyndaky orny bilen tapawutlanýar.
Pržewalskiý aty
1878-nji ýylda Nikolaý Pržewalskiý Merkezi Aziýadan näbelli bir atyň derisini we kelleçanagyny alyp gaýdýar. Biolog Iwan Polýakow ony täze görnüş hökmünde kesgitläp, ylmy gözlegçiniň hormatyna atlandyrýar. Soňra alymlar onuň ýabanylaşan botaý atlaryndan gelip çykandygyny anyklaýar. XX asyrda bu görnüş ýitmek howpunyň astyna düşdi we onuň häzirkizaman wekilleri bary-ýogy 12 sany ata-babadan gelip çykýar. Häzirki günde bu tohumy ýabany tebigata gaýtarmak boýunça maksatnamalar hereket edýär.
Ýakutiýa aty
Gysga, agramly we 15 sm çenli uzynlykdaky gür tüý bilen örtülen Ýakutiýa atlary Sibiriň adatdan daşary howasyna uýgunlaşandyr. Olar -60 °C-a çenli aýaza we yssy howa çydamly bolup, garda ýa-da batgalykda aňsatlyk bilen ýöreýär. Olar ýol geçmek üçin, şeýle-de süýdüň we etiň çeşmesi hökmünde ulanylýar.
Marwar aty
Tohum XII asyrda Hindistanyň Marwar sebitinde peýda boldy. Onuň aýratynlygy uçlary degip bilýän egri gulaklarydyr. Marwarlaryň boýy 140-150 sm barabar. Bu tohumyň gelip çykyşy häli-häzire çenli çekişmeleriň sebäbi bolup galýar.

Falabella
Argentina falabellasy – iň kiçi at tohumlarynyň biri. Bu görnüşiň uly wekilleri gerişde 70-85 sm ýetip, çapylýan atlaryň proporsiýalaryny saklaýar. Bu haýwanlar ýuwaş, akylly bolup, köplenç, halanýan öý haýwanyna öwrülýär.

Şaýr
Iňlis şaýr tohumy agyr işler üçin ösdürilip ýetişdirilipdir. Olaryň ortaça boýy 180 sm töweregi bolup, agramy bir tonnadan geçip bilýär. Bu tohumdan iň belli wekil gerişde 219 sm ýetip, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren agta at Sempsondyr.

Knabstrupper
Tegmilli Daniýa tohumy XIX asyrda Knabstrupp mülkünde peýda boldy. «Dalmatin» reňkli atlar 155-160 sm çenli ösýär we çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Olar, köplenç, sirk çykyşlaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşýar.
Irlandiýa koby (tinker)
Bu tohum XV asyrdan bäri bar, ýöne diňe XX asyrda resmi taýdan ykrar edildi. Tinkerleri gür ýaly, guýrugy we güýçli bedeni bilen aňsat tanap bolýar. Olaryň boýy 135 – 160 sm aralygynda bolup, ýuwaş we bir boluşly häsiýeti bar.
Kamarg aty
Ýarym ýabany Kamarg atlary Fransiýanyň günortasynda ýaşaýar. Taýçanaklar gara bolup dogulýar, ýöne ulaldygyça çal reňkli bolýar. Olaryň boýy 140-150 sm ýetýär. Kamarglar syýahatçylykda we ýerli çopanlaryň işinde ualnylýar.
Buýra Zabaýkalýe aty
Bu tohum burum-burum tüýi bilen tapawutlanýar, onuň hatda kirpikleri hem buýra. Boýy 140-145 sm töweregi. Atlar çydamly we kanagatly bolup, hojalyk işleri üçin laýyk gelýär.
Ahalteke aty
Ahalteke tohumy Türkmenistanyň janly nyşany we dünýäde iň gadymy hem owadan atlaryň biri hasaplanýar. Bu arap, arassa ganly çapylýan (ýa-da iňlis çapuw atlary, iňlisçe, Thoroughbred) we beýleki tohumlara täsir eden ösdürilip ýetişdirilen tohumlardan iň gadymysydyr. Käbir maglumatlara görä, ol, takmynan, 5000 ýyl ozal häzirki Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýetişdirilipdir.
Ahalteke atlarynyň boýy gerişde, takmynan, 145-160 sm barabar bolup, olar gurluşy taýdan tazylary ýa-da gepardlary ýada salýar. Olar syratly, owadan, uzyn boýly we derisi ýuka bolup, ondan gan damarlary görünýär. Şeýle atlaryň endamy, reňkine garamazdan, altyn we kümüş ýaly ýalpyldaýar. Ahalteke atlarynyň häsiýeti gyzmadyr, şonuň üçin tejribesiz çapyksuwarlara aýratyn seresaply bolmak gerek diýip, «Wokrug sweta» žurnalynyň awtorlary belleýär.






