Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

  • 04.01.2026 12:43
  • 3.6k+

Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary hem-de bu ugra ýöriteleşdirilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşululary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar häkimligiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Dabaraly maslahatda täze ýylyň şygarynyň mazmuny hem-de bedewler hakdaky çykyşlar Milli Liderimiziň: “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!” diýen ruhlandyryjy sözleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýandygy barada aýdylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleriniň türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýandygy bellenildi.
Çykyş edenler döwlet Baştutanynyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda beýan eden pikirlerine ünsi çekdiler.
Çykyş edenler her ýylyň şygarynyň we nyşanynyň yglan edilmeginiň öňde boljak möhüm wezipeleri beýan edýändigini, şol bir wagtda-da, Täze ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň 2026-njy ýylyň Gündogar senenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly bolup gelenligi bilen hem baglanyşyklydygyny aýratyn nygtadylar.
Dabaraly maslahatyň ahrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......