Bolgariýa resmi taýdan ýewro geçdi

  • 03.01.2026 11:19
  • 9.9k+

1-nji ýanwardan başlap, Bolgariýa resmi taýdan ýewro pul birligine geçdi. Bir aýyň dowamynda ýurtda iki walýutanyň — ýewronyň we bolgar lewiniň parallel dolanyşygy hereket eder. Şondan soň milli walýuta dolanyşykdan doly çykarylar. Walýutanyň resmi kursy 1 ýewro üçin 1,95583 bolgar lewi möçberinde bellenildi.

Bolgariýanyň "24chasa" portalynyň habar bermegine görä, bahalaryň hökmany suratda iki pul birliginde — lewde we ýewroda görkezilmegi 2026-njy ýylyň 8-nji awgustyna çenli dowam eder. Bu çäre raýatlaryň täze walýuta uýgunlaşmagyny ýeňilleşdirmek üçin niýetlenendir.
Bu geçiş Bolgariýanyň Ýewropa Bileleşiginiň 27 agza ýurdunyň arasynda ýewro zolagyna goşulan 21-nji döwlet bolandygyny aňladýar. Ýewropanyň Merkezi banky (ÝMB) ýurduň bitewi ýewropa walýutasyny kabul etmek üçin ähli zerur şertleri (kriteriýalary) ýerine ýetirendigini belleýär. Şeýle hem, ýewro zolagyna agzalyk Bolgariýa pul-karz syýasaty boýunça çözgütleri kabul edýän ÝMB-niň Dolandyryjy geňeşine gatnaşmaga hukuk berýär.
Bolgar lewi 1881-nji ýylda, ýurduň Osman imperiýasynyň düzüminden çykanyndan soňra dolanyşyga girizilipdi. Bolgariýa 2007-nji ýyldan bäri ÝB-niň agzasydyr, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa Şengen zolagyna goşuldy. Ýewro geçmek baradaky kanun ýurduň parlamenti tarapyndan 2024-nji ýylyň awgustynda kabul edildi.


23.06.2026 22:17
2.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......