Asus CES 2026 sergisinde Wi-Fi 8 goldawly ilkinji enjamyny görkezer: standart heniz sertifikatlaşdyrylmady

  • 05.01.2026 11:50
  • 2k+

Asus kompaniýasy, Wi-Fi 8 standartynyň resmi taýdan sertifikatlaşdyrylmagyna heniz iki ýyla golaý wagtyň bardygyna garamazdan, CES 2026 sergisinde bu tehnologiýany goldaýan ilkinji enjamyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.

Garaşylýan anons baradaky maglumat kompaniýanyň ROG brendi astynda çap eden suratlaryndan mälim boldy. Suratlarda enjamyň korpusynda Wi-Fi 8 ýazgysynyň bardygy aýdyň görünýär.
Görnüşine görä, gürrüň router barada gidýär, emma täze önümiň anyk häsiýetnamalary heniz aýan edilmedi. Bu ýagdaý Wi-Fi 7 taryhyndaky wakany ýatladýar: şonda enjamlar tehniki aýratynlyklar gutarnykly tassyklanmazdan öň bazarda peýda bolup başlapdy. Bu bolsa, gutudaky belligiň hemişe standart tarapyndan hödürlenýän mümkinçilikleriň doly toplumyny kepillendirmeýändigini aňladýar.
MediaTek kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, Wi-Fi 8 diňe 2028-nji ýylda tassyklanar. Intel-iň soňky maglumatlaryna görä bolsa, täze standart maglumat geçirijilik ukybyny artdyrmagy ýa-da ýygylyk diapazonyny giňeltmegi wada bermeýär. Wi-Fi 8-de esasy üns birikmäniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we gijikmeleri azaltmaga gönükdiriler.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....