Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy

  • 05.01.2026 11:58
  • 3.3k+

Göz öňüne getiriň: penjireden seredýärsiňiz, ol ýerde bolsa tutuş bir dünýä bar. Başyňyzy egen wagtyňyz, burçda gizlenip duran zatlary görüp bilýärsiňiz. Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda çykaryljak 32 dýuýmlyk Odyssey 3D flagman oýun monitorynda hut şu duýgulary wada berýär.

Bu monitor bilen şekili "janlandyrmak" üçin äpet 3D äýneklerini dakynmak ýa-da VR şlemlerini geýmek gerek däl. Monitoryň içine gözüň hereketini real wagt tertibinde yzarlaýan ösen datçikler ulgamy ýerleşdirilen. Bu maglumatlara esaslanýan Eye Tracking tehnologiýasy şekiliň perspektiwasyny we çuňlugyny dinamiki usulda sazlaýar.
Aslynda, monitor birnäçe wizual gatlaklary döretmek arkaly beýnini "aldawa salýar". Netijede, tekiz ekran göwrümli diorama öwrülýär. Ulanyjy oturgyjynda arkaýyn ýazylyp otursa ýa-da ekrana has ýakynlaşsa, surat onuň ýagdaýyna görä uýgunlaşyp, "şol ýerde barlyk" täsirini ýitirmeýär.
Monitor 6K durulygyndaky displeý (6144 x 3456 piksel), 165 Gs esasy täzelenme tizligi we 1 ms jogap beriş wagty bilen enjamlaşdyrylan. Dual Mode funksiýasy arkaly täzelenme tizligini 330 Gs-e çenli ýokarlandyrmak mümkin.
Täzelenen seriýa beýleki modelleri hem öz içine alýar:

  • Odyssey G8: 32 we 27 dýuým ölçeglerde, 6K we 5K durulykda.
  • Odyssey G6: 27 dýuým ölçegde we rekord derejeli 1040 Gs täzelenme tizligi bilen.
  • Odyssey G8 OLED: 4K matrisaly wersiýasy.

Şeýle hem Samsung Stellar Blade we The First Berserker: Khazan ýaly oýunlaryň monitoryň 3D mümkinçiliklerini goldamak üçin ýörite täzelemeleri eýýäm taýýarlaýandygyny mälim etdi.
Öndüriji bahalar we anyk satuwa çykaryljak seneler barada häzirlikçe maglumat bermedi.


22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.5k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...