Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinden bäsleşik geçirdi

  • 04.01.2026 12:24
  • 6.4k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti iňlis dili boýunça bäsleşik geçirdi. "Bitaraplyk — dillerimiziň senasy" diýlip atlandyrylan bäsleşik Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Bäsleşige 67 sany umumybilim berýän orta mekdepden, şeýle hem iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinden 200-e golaý okuwçy gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar bu ders boýunça bilim derejelerini, iňlis dilini öwrenmäge bolan höweslerini we öz bilimlerini iş ýüzünde ulanmak ukyplaryny görkezdiler. Şeýle hem, mekdep okuwçylary döredijilikli wezipeleri ýerine ýetirmekde öz ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler kesgitlenip, olara I, II we III orunlar berildi. Iň gowy netije görkezen gatnaşyjylara degişli derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bu bäsleşik bilim ulgamyndaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň, geljekki hünärmenleri taýýarlamaga goldaw bermegiň, hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemegiň, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň we onuň hilini halkara standartlaryna laýyk getirmegiň çäklerinde gurnaldy.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......