Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler

  • 05.01.2026 15:00
  • 10k+

Mitsubishi kompaniýasy Ralliart bölümçesi bilen bilelikde döredilen korporatiw mahabatda geljekki modeliň tizerini görkezdi. Wideo brendiň sport üstünliklerine bagyşlandy, ýöne wideonyň ahyrynda täze bir ulagyň silueti görkezilýär. Bilermenleriň pikiriçe, ol Pajero-nyň indiki nesli bolup biler.

Wideo ralli ýaryşlaryndan arhiw wideolary we L200/Triton pikapy bilen bagly sahnalary öz içine alýar. Bu modelleriň tehniki baglanyşygyny göz öňünde tutup, bilermenler täze ulagyň bellenilen pikapyň esasynda döredilen Pajero Sport bolup biljekdigini hem çaklaýar.
Kadrlardan görnüşi ýaly, awtomobil burçly kuzowa, L200-iň stilinde dik radiator gözenegine we T şekilli faralara eýe boldy. Ulagyň daşky görnüşi tomusda görlen synag prototipine meňzeýär.
Gaýtadan dikeldilen Pajero-nyň rama gurluşyny we içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri saklamagyna garaşylýar.
Giňişleýin maglumatlar 9-njy ýanwarda açylýan Tokio awtosalonynda mälim bolup biler.


05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

02.06.2026 20:53
5k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

03.03.2026 16:26
5.5k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy...

16.01.2026 16:46
3.3k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...