Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy.
Prototipiň kuzowynyň proporsiýalary Nissan Leaf-iňki bilen meňzeş: üçeginiň görnüşi we umumy sudury birmeňzeş. Şeýle-de bolsa, model öz dizaýnyny, ýagny, köp sanly yşyklandyryş elementleri bolan täze çyralary, täzeden işlenen öňki bamperi we özboluşly arka çyralary aldy. Şeýle hem, onda Mitsubishi-ä häsiýetli üç çişli tigirler bar.
Tehniki bölegi tutuş Leaf-den alnar diýip çaklanylýar. ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň Nissan Leaf-i S+, SV+, we Platinum+ görnüşlerinde 214 at güýjüni we 354 Nm çekijiligi öndürýän elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. 75 kWt/sag sygymly batareýa 303 mile çenli ýa-da takmynan 488 km ýöreýiş ätiýaçlygyny üpjün edýär.
Mitsubishi-niň täze elektrik ulagynyň hem şuňa meňzeş tehniki häsiýetlere eýe bolmagyna we bahasynyň takmynan 30 000 dollara deň bolmagyna garaşylýar. Modeliň ady heniz mälim edilmedi. Täze model brendiň täzelenen önüm strategiýasynyň bir bölegi bolar we şäher elektrik ulaglarynyň sanawyny giňelder.