"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy

  • 05.01.2026 08:46
  • 8.4k+

"Barselonanyň" we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýyldyzy Dani Alwes Portugaliýanyň derejesi boýunça üçünji diwiziony bolan "Liga 3-de" çykyş edýän "San-Žuan-de-Wer" klubunyň şärikdeş eýesi boldy.

"Klubumyzyň taryhynda täze bir sahypa açylýar. Bu biziň üçin öwrülişikli pursatdyr. Alwes toparymyza ýeňiji ruhyýetini we uly maksatlary getirdi" diýlip, klubuň resmi beýanatynda bellenilýär.

"TyC Sports" neşiriniň habar bermegine görä, Alwes klubuň paýnamalarynyň 50%-ni satyn aldy we 2025/2026-njy ýyllaryň möwsüminiň ahyrynda paýlaryň galan bölegini hem satyn almak barada ylalaşyk gazandy. Şeýle hem, çeşmeler futbolçynyň diňe bir dolandyryşda däl, eýsem meýdançada-da kömek etmek üçin alty aýlyk şertnama baglaşmak mümkinçiligine seredýändigini habar berýärler. Emma şertnamanyň jikme-jiklikleri heniz doly mälim edilmedi.
Alwes karýerasynyň dowamynda Ispaniýanyň "Barselona" we "Sewilýa", Fransiýanyň "PSŽ", Italiýanyň "Ýuwentus", şeýle hem Braziliýanyň "Baýýa" we "San-Paulu" klublarynda oýnady. Ol soňky gezek 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Meksikanyň "Pumas" toparynyň düzüminde meýdança çykypdy.
Braziliýaly goragçy dünýäniň iň köp titully futbolçylarynyň biridir — ol öz karýerasynda jemi 46 kubok gazandy. Alwes 6 gezek Ispaniýanyň, 2 gezek Fransiýanyň we 1 gezek Italiýanyň çempiony boldy. Şeýle hem ol 3 gezek Çempionlar ligasynyň, 2 gezek UEFA-nyň kubogynyň (Ýewropa ligasy) we 3 gezek UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen bolsa iki gezek Konfederasiýalar kubogyny (2009, 2013), iki gezek Amerikanyň kubogyny (2007, 2019) gazandy we 2021-nji ýylda Olimpiýa çempiony boldy.


şu gün 10:24
242

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
898

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......