Daşoguzda ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygy dowam edýär

  • 04.01.2026 12:30
  • 8.9k+

Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda birnäçe dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar, olaryň üçüsi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Gülistan» geňeşliginiň «Parahat» obasynyň awtomobil ýoluna ýanaşyk ýerinde gurulýar.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze binalar öýleriň we girelgeleriň sany boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Şu günki güne çenli jaýlaryň karkaslary doly galdyryldy, olaryň käbirinde bolsa bejergi işleri alnyp barylýar. Bu desgalaryň ählisi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilýär.
Şu sebitiň özünde köp sanly hususy ýaşaýyş jaýlary hem guruldy.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy şäheriň beýleki künjeklerine hem mahsusdygyny bellemek gerek. Geçen ýylda durmuşa geçirilip başlanan iri taslamalaryň hatarynda Daşoguzdan Köneürgenç şäherine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň täze dolandyryş binasynyň gurluşygyny we 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar. Şeýle hem geçen ýyl welaýat merkeziniň dürli künjeklerinde birnäçe hususy söwda we söwda-dynç alyş merkezleri, dükanlar hem-de dermanhanalar ulanmaga berildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......