Kümüş nanobölejikleri 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde dermanlardan has täsirli bolup çykdy

  • 04.01.2026 22:24
  • 4.9k+

Tomsk politehniki uniwersitetiniň (TPU) alymlary kümüş nanobölejikleriniň süýji keseline garşy (antidiabetik) häsiýetlere eýedigini anykladylar. TASS agentliginiň TPU-nyň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, olar häzirki wagtda giňden ulanylýan dermanlardan 167 esse az dozada şol bir täsiri görkezýärler.

"TPU-nyň himikleri halkara kärdeşleri bilen bilelikde, uniwersitetiň alymlarynyň gatnaşmagynda işlenip düzülen 'Argowit' (Argovit) atly kümüş nanobölejikli derman serişdesiniň antidiabetik häsiýetlerini tejribe arkaly subut etdiler" diýip, ýokary okuw mekdebi belledi.

Barlagçylar öz işlerinde kümüş nanobölejikleriniň 2-nji görnüşli süýji keseline (diabete) täsirini öwrendiler. Tejribeler öýjük setirlerinde, gemrijilerde, şeýle hem maşyn öwrenme usullaryny ulanmak arkaly geçirildi. Netijeler kümüş nanobölejikleriniň α-amilaza, α-glýukozidaza we DPP-4 fermentleriniň işjeňligini häzirki dermanlara garanyňda degişlilikde 3,5, 3,824 we 11 esse has netijeli bäs gelýändigini (peseldýändigini) görkezdi.

"Mundan başga-da, kümüş nanobölejikleri glikasiýanyň soňky önümleriniň (AGEs) emele gelmegini, birinji hatardaky giňden ulanylýan derman bilen deňeşdirilende, 61 esse netijeli bäsledi" diýip, barlagyň awtorlarynyň biri, professor Alekseý Pestrýakow belledi.

Bu ylmy barlaga Russiýanyň we Meksikanyň alymlary gatnaşdylar. Ylmy açyşyň netijeleri abraýly "Nanoscale" žurnalynda çap edildi.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......