Peruda çakmaýan arylara kanuny hukuklar berildi

  • 03.01.2026 12:48
  • 15k+

Peru Amazoniýasyndaky çakmaýan arylar dünýäde resmi taýdan kanuny hukuklara eýe bolan ilkinji mör-möjekler boldy. Bu barada "The Guardian" gazeti habar berýär.

Perunyň Satipo we Nauta şäher häkimlikleri bu babatda ýörite kararlary kabul etdiler. Bu resminamalar arylaryň ýaşamaga we köpelmäge, sagdyn sanyny saklamaga, arassa ýaşaýyş gurşawyndan peýdalanmaga, durnukly howa şertlerine, şeýle hem howp abanan ýa-da zyýan ýeten ýagdaýynda kazyýetde kanuny wekilçilige bolan hukugyny kepillendirýär.
Perudaky ýerli halklar kolumbdan öňki döwürlerden bäri çakmaýan arylary ösdürip ýetişdirýärler. Bu mör-möjekler sebitiň ekoulgamynda möhüm orun eýeleýärler we ýerli ösümlik dünýäsiniň 80%-den gowragyny tozanlandyrýarlar. Emma soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi, tokaýlaryň çapylmagy, pestisidleriň ulanylmagy we ýewropaly ary görnüşleri bilen bäsdeşlik sebäpli olaryň sany çalt azalýar.
Çakmaýan arylara kanuny hukuklary bermek başlangyjy "Amazon Research Internacional" guramasynyň esaslandyryjysy Rosa Waskes Espinosanyň ýolbaşçylygyndaky kampaniýanyň netijesidir. 2020-nji ýylda ol ýerli ilatyň koronawirusy bejermekde ulanýan balynyň düzümini öwrendi we onda çişme, wirus, bakteriýa garşy, antioksidant we rak keseline garşy häsiýetleri bolan molekulalary tapandygyny mälim etdi.

şu gün 12:20
338

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 23:57
1.1k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.2k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......