Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

  • 03.01.2026 11:24
  • 14k+

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär. Bu ösüş dünýä bazarlaryndaky — paýnamalardan başlap, kriptowalýutalara we gymmat bahaly metallara çenli ähli ugurlardaky ýokary göteriliş bilen baglanyşyklydyr.

Umumy ösüşiň takmynan dörtden bir bölegi diňe sekiz adama degişli boldy. Olaryň arasynda "Oracle" kompaniýasynyň esaslandyryjysy we iň uly paýdary Larri Ellison, "Tesla" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, "Google" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Larri Peýj we "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos bar. Bloomberg agentligi bu milliarderleriň umumy ösüşdäki paýynyň geçen ýyldakydan (43%) pes bolandygyny belleýär.
Agentlik ýylyň dowamynda baýlygyny iň köp artdyran şahsyýetleri aşakdakylar diýip görkezýär:

  • Larri Ellison: baýlygy $249,8 mlrd, ýyllyk girdejisi — $57,7 mlrd;
  • Ilon Mask: baýlygy $622,7 mlrd, ýyllyk girdejisi — $190,3 mlrd;
  • Jina Raýnhart: (awstraliýaly işewür zenan) baýlygy $37,7 mlrd, ýyllyk girdejisi — $12,6 mlrd;
  • Donald Tramp we onuň maşgalasy: baýlygy $6,8 mlrd, ýyllyk girdejisi — $282 mln.

Ösüşiň goşmaça hereketlendiriji güýji emeli aň (AI) tehnologiýalaryna bolan gyzyklanma boldy, bu bolsa iri tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Maýa artyşynyň iň uly bölegi sebitler boýunça şeýle paýlandy:

  1. Demirgazyk Amerika (ABŞ we Kanada): $1,1 trillion
  2. Aziýa we Okeaniýa: $550,7 milliard
  3. Ýewropa: $386,5 milliard

düýn 10:45
2.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....