Science žurnaly 2025-nji ýylyň on sany esasy ylmy üstünligini aýtdy

  • 04.01.2026 12:12
  • 6.2k+

Abraýly Science ylmy žurnalynyň redaksiýasy 2025-nji ýylda gazanylan möhüm 10 sany ylmy üstünligiň sanawyny düzmek bilen bu ýyly jemledi.

1. Gaýtadan dikeldilýän energetika
Bu gezek neşir reýtingiň başynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň – Günüň, ýeliň we gidroenergetikanyň ulanylyşynyň çalt depginde ösüşini ýerleşdirdi. Köp ýurtlarda «ýaşyl» energiýanyň bahasy 70-90% arzanlady. Aýratynam, dünýäde Gün panelleriniň 80%-den gowragyny we ýel turbinalarynyň 60% töweregini öndürýän hem-de energiýanyň, takmynan, 20%-ini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alýan Hytaý tapawutlanýar.

2. Şalynyň gijeki yssa durnuklylyk geni
Şu ýyl hytaý alymlary şalynyň 12-nji hromosomasynda QT12 genini ýüze çykardy. Bu gen gijeki yssyda tüwiniň näme üçin hilini ýitirýändigini düşündirýär. Geniň tüwiniň täjirçilik görnüşine goşulmagy hasyllylygy 78% ýokarlandyrdy we gowşak tüwiniň paýyny azaltdy.

3.      Emeli aňda öňegidişlik
Şu ýyl uly dil modelleri Gemini we GPT-5 Halkara matematika olimpiadasynda talyplardan öňe geçdi. Beýleki EA ulgamlary bolsa bakteriýalaryň antibiotiklere durnuklylygyny düşündirýän täze çaklamalary öňe sürüp, himiki reaksiýalaryň laýyk şertlerini adamdan çalt kesgitledi.

4.      Mýuonlaryň Standart modele gaýdyp gelmegi
Takyk KHD (kwant hromodinamikasy) modelirlemesiniň kömegi bilen mýuonlaryň häsiýetlerine gaýtadan seredilenden soň, nazaryýet bilen tejribäniň arasyndaky çaprazlygy azaldyp, Standart modeli saklamak başartdy.

5.      Denisow adamynyň daşky keşbi
Alymlar 1933-nji ýylda tapylan kelleçanagyň, hakykatdan-da, denisow adamyna degişlidigini tassyklady. DNT-ni diş daşyndan almak başartdy, bu hem daşky keşbi takyk dikeldip başlamaga mümkinçilik berdi.

6.      Täze LSST teleskopy
Çilidäki Wera Rubin obserwatoriýasy işläp başlady. Ol on ýylyň dowamynda gijeki asmany skanirläp, Älemiň açyk üç ölçegli kartasyny döreder.

7.      Doňuz organlarynyň transplantasiýasy
Genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi adam organizminde dokuz aýa çenli işledi we bu, gürrüňsiz, uly öňegidişlik hasaplanýar. Alymlar onuň iş möhletini ýene uzaltmagyň ýollaryny gözlemegi dowam etdirýär.

8.      Neýronlar we çişiň ösmegi
Ylmy gözleg neýronlaryň mitohondriýany rak öýjüklerine geçirip, olaryň ösüşini we metastazlaryň emele gelmegini güýçlendirip bilýändigini görkezdi.

9.      Gonoreýa garşy täze derman serişdeleri
Iki derman serişdesi kliniki synaglaryň üçünji tapgyryndan geçdi we ABŞ-da tassyklandy, bu hem durnukly ýokanja garşy göreşmäge umyt berdi.

10.  Çaga üçin gen terapiýasy
Lukmanlar CRISPR redaktirlemesiniň kömegi bilen 2024-nji ýylda doglan çagada seýrek mutasiýany düzetdi. Onuň ýagdaýy gowulaşdy. Häzir ol öýünde bejergi almagyny dowam etdirýär. 


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....