Poco M8 smartfony 20:9 tarap gatnaşygy bilen segmentde iň berk egri displeýe eýe bolar

  • 04.01.2026 22:08
  • 4.4k+

Xiaomi kompaniýasy 8-nji ýanwarda resmi tanyşdyrylyşy boljak Poco M8 smartfonynyň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi. Öndüriji täze smartfonyň öz hatarynda iň berk egri displeý bilen üpjün ediljekdigini aýdýar.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, smartfon durulygy 2392 x 1080 piksel bolan 6,77 dýuýmlyk AMOLED ekranyna eýe bolar. Bu bolsa tas 20:9 tarap gatnaşygyna deňdir.
Displeý 120 Gs kadr ýygylygyny goldaýar, iň ýokary ýagtylyk bolsa 3200 kd/kw.m ýetýär. Enjamyň korpusy MIL-STD-810H harby standarty boýunça goralýar we IP66 boýunça suwdan goraga eýedir. 178 g agramda korpusyň ýogynlygy 7,35 mm bolar, bu hem ony segmentde iň inçe smartfona öwürýär.
Şeýle-de, smartfon SoC Snapdragon 6 Gen 3 prosessoryna esaslanýar. Üpjünçilige 50 Mp kamera we 5520 mA/sag sygymly akkumulýator batareýasy girýär. 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...