4 mln dollarlyk Bugatti Tourbillon Horwatiýanyň daglarynda aşa agyr garly şertlerde synagdan geçirilýär

  • 04.01.2026 15:53
  • 13k+

"Bugatti-Rimac" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mate Rimas bahasy 4 million dollardan başlanýan täze "Bugatti Tourbillon" giperkarynyň gyşky synaglaryndan wideoşekilleri paýlaşdy. Synaglar Horwatiýanyň garly daglarynda geçirilýär we kadrlardan görnüşi ýaly, olar aňsat düşmändir: prototipleriň biri çuň garyň içinde kyn ýagdaýa düşüpdir.

"Carscoops" neşiriniň ýerli "içaly" suratçylara (spy photographers) salgylanyp habar bermegine görä, awtoulaglaryň biri çygly garda şeýle bir batypdyr welin, ony el güýji bilen gazyp çykarmaly bolupdyr. Wideolarda we içaly suratlarynda "VP1" belgili prototip görkezilýär. Awtoulagyň näme sebäpden beýle ýagdaýa düşendigi anyk aýdylmaýar.
Paýlaşylan wideo synagdan geçirilýän awtoulaglaryň interýerini hem ýakyndan görmäge mümkinçilik berýär. Ol önümçilik modelleriniň dizaýnyna meňzeş ýaly görünýär. Rul, özboluşly yşyklandyryşly mehaniki gurallar paneli we merkezi konsol aýdyň görünýär. Wideodan çen tutulsa, synaglara Mate Rimasyň hut özi hem gatnaşypdyr.
Bugatti kompaniýasy "Tourbillon" modelini 2024-nji ýylyň tomsunda tanyşdyrypdy. Model täze şassi we 1800 at güýjüne eýe bolan 8,3 litrlik V16 motorly gibrid güýç ulgamy bilen üpjün edilen. Giperkar sagatda 100 km tizlige bary-ýogy iki sekuntda ýetýär.
Bu modelden jemi 250 sany öndüriler we sargyt edilen awtoulaglary eýelerine gowşurmak işine 2026-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär.


21.08.2024 01:04
7.4k+

Rimac kompaniýasy dünýäde iň güýçli elektromobil döretdi: 2107 at güýji, iň ýokary tizligi sagatda 412 km...

Horwatiýanyň Rimac kompaniýasy Nevera R atly elektrik superkarynyň çäkli görnüşini hödürledi. Bu model dünýäde iň güýçli elektrik awtoulagyna öwrülmek bilen, 2107 at güýjüne deň bolan rekord kuwwaty aldy. Rimac...

25.08.2021 17:26
9.1k+

Horwatiýanyň Rimac Nevara giperkary täze dünýä rekordyny goýdy

Horwatiýanyň Rimak kompaniýasy Nevara elektrik giperkary bilen täze dünýä rekordyny goýmagy başardy. Bu barada procrossover.ru habar berdi. Giperkar Famoso Raceway trassasynda rekord wagt netijesini görkezdi. Ony...

şu gün 00:37
1.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

düýn 19:03
3.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......