Rimac kompaniýasy dünýäde iň güýçli elektromobil döretdi: 2107 at güýji, iň ýokary tizligi sagatda 412 km...

  • 21.08.2024 01:04
  • 7.5k+

Horwatiýanyň Rimac kompaniýasy Nevera R atly elektrik superkarynyň çäkli görnüşini hödürledi. Bu model dünýäde iň güýçli elektrik awtoulagyna öwrülmek bilen, 2107 at güýjüne deň bolan rekord kuwwaty aldy.

Rimac Nevera R-iň tizligi täsin galdyrýan 1,81 sekuntda 100 kilometre çenli çykýar we iň ýokary tizligi sagatda 412 kilometre barabar. Bu görkezijilere ýetmek üçin inženerler batareýanyň sygymyny 108 kilowat sagada çenli azaldyp, awtoulagyň agramyny azaltmak üçin täze uglerod süýümli kapot oturtdylar.
Öndüriji Rimac Nevera R-den bary-ýogy 40 sanysyny çykarmagy meýilleşdirýär.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......