Barclays: Maýadarlar ABŞ-daky maýa goýumlaryny azaltdylar, bu ýagdaý Beýik Britaniýa üçin bähbitli boldy

  • 05.01.2026 08:23
  • 3.8k+

2025-nji ýylda dünýä maýadarlarynyň ABŞ-nyň aktiwlerindäki paýyny azaltmagy bilen, Beýik Britaniýa garaşylmadyk ýagdaýda gazna bazarynyň öňdebaryjysyna öwrüldi. "Barclays" bankynyň Ýewropanyň paýnamalar strategiýasy boýunça ýyllyk synyna görä, bazarda kapitalyň halkara meýdançalaryna tarap rotasiýasy (ugruny üýtgetmegi) boldy.

"Barclays" seljerijileri "MSCI AC World" indeksiniň 21% ýokarlanandygyny, ýurtlaryň milli indeksleriniň takmynan 70%-iniň bolsa ABŞ-nyň görkezijilerinden has ýokary netije berendigini bellediler.
"ABŞ-nyň aýratynlygyna bolan ynamyň azalmagy", maýa goýumlarynyň öwezini dolmagy (monetizasiýa) baradaky aladalar hem-de emeli aň bilen bagly paýnamalardaky bäsdeşlik maýadarlary serişdelerini ABŞ-dan daşarky bazarlara gönükdirmäge iterdi. Bu bolsa Ýewropanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň we Ýaponiýanyň bazarlaryny goldady.
Bu üýtgeşiklik Amerikanyň tehnologiýa ägirleriniň reýtinginiň peselmegi we dollaryň hümmetiniň gaçmagy bilen baglanyşykly boldy. Dollar hasabynda Ýewropanyň paýnamalary ýylyň dowamynda Amerikanyňkydan 16% ýokary netije görkezdi, bu bolsa 2006-njy ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.
Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýanyň indeksleri ýerli walýutada 15% töweregi (mid-teens) ösüş görkezen hem bolsa, ýurduň gaznalaryndan 33,7 milliard dollar möçberinde arassa serişde akymy çykypdyr. Şol bir wagtda, Beýik Britaniýany hasaba almanyňda, Ýewropa 88,8 milliard dollar möçberinde maýa goýumyny çekmegi başardy.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......