BAE-de geçirilen Täze ýyl dron şüweleňi Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 03.01.2026 10:05
  • 11k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma şäherinde Täze ýyl gijesi Ginnesiň täze rekordy hasaba alyndy. Bu ýerde dronlaryň kömegi bilen howada mifiki jandaryň iň göwrümli şekili görkezildi.

2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli emirlikde 15 minutlyk dron we feýerwerk şüweleňi geçirildi. Onuň iň esasy wakasy bolsa gijeki asmanda peýda bolan feniksiň şekili boldy. Munuň üçin 2300 dron ulanyldy, olardan 1000-si pirotehniki dronlardy.
Şeýle-de, tomaşaçylara «Hoş geldiňiz» diýlip atlandyrylan we myhmansöýerligi alamatlandyran adamyň uly üç ölçegli sudury görkezildi.
Ýarygijä golaý dron şüweleňiniň ornuny feýerwerkler çalyşdy. Jemleýji waka Marjan adasyndan Al-Hamra sebitine çenli kenaryň ugry bilen uzan alty kilometrlik feýerwerk boldy.
Mundan başga-da, guramaçylar iň uly ýeke feýerwerk bilen Ginnesiň ýene bir rekordyny goýmak synanyşygy barada aýtdy. Olaryň maglumatlaryna görä, 1,68 metr diametrli we iki tonna töweregi agramly pirotehniki zarýad atylan ýagdaýynda ini bir kilometre çenli ýetýän asman bölegini gurşap almalydy.
WAM agentliginiň belläp geçişi ýaly, Ras-el-Haýma öňem Täze ýyl rekordlaryny goýupdy. 2024-nji ýylda bu ýerde suwda we asmanda iň uzyn feýerwerk liniýalary, 2022-nji ýylda bolsa dronlar bilen feýerwerkleriň beýikligi we bir wagtda feýerwerk atan dronlaryň sany boýunça rekordlar hasaba alyndy. 


04.06.2026 17:17
4.7k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....