Germaniýanyň taryhynda iň uly talaňçylyklaryň biri: bankdan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy

  • 03.01.2026 21:36
  • 17k+

Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherindäki Sparkasse bankynyň ammaryndan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bild habar berýär.

Ogurlyk barada 29-njy dekabrda belli boldy. Bankyň şahamçasy şol gün Roždestwo baýramy sebäpli ýapykdy. Deslapky maglumatlara görä, ogrular binanyň içine gapdalda ýerleşýän awtoulag duralgasyndan diwary deşmek arkaly giripdir. Olar tas 3200 seýf gutusyny açyp, olaryň içindäki zatlary: pullary, altynlary we beýleki gymmatly zatlary ogurlapdyr.
Ilkibaşda KHBS-de ýitginiň 30 mln ýewro barabardygy aýdyldy. Ýöne soň hakyky mukdaryň ep-esli ýokary bolup biljekdigi habar berildi. Ýitgini takyk hasaplamak entek mümkin däl, çünki gutularyň içinde nämäniň bardygy, köplenç, diňe olaryň eýelerine belli bolýar.
Jenaýatkärleriň hereketi netijesinde 2,5 müňden gowrak müşderi zyýan çekdi.
Ogurlykdan soň polisiýa bu iş bilen bagly onlarça habar aldy. Şol bir wagtyň özünde, hukuk goraýjy edaralar häzirki wagtda ogrulary tapmaga kömek edip biljek «ýekeje-de düýpli tutarlygyň» ýokdugyny aýdýar.
Bolup geçen waka eýýäm Germaniýanyň taryhynda iň uly ogurlyklaryň biri diýlip atlandyrylýar.
Gelzenkirhen Frankfurtdan, takmynan, 192 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Frankfurt Germaniýanyň we Ýewropanyň maliýe merkezi bolup, bu ýerde Ýewropa merkezi banky ýerleşýär.


17.06.2026 11:34
6.1k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

04.06.2025 10:51
9.9k+

Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler

Germaniýada 20 müň töweregi adam Ikinji jahan urşy döwrüniň ok-därileriniň tapylmagy sebäpli ewakuasiýa ediler. Bu barada ýerli administrasiýa salgylanyp, Bild habar berýär. 2-nji iýunda Kýolnyň Doýs sebitinde alnyp barlan geologiki işleriň dowamynda hünärmenler üç amerikan awiabombasyny tapdy...