Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler

  • 04.06.2025 10:51
  • 9.9k+

Germaniýada 20 müň töweregi adam Ikinji jahan urşy döwrüniň ok-därileriniň tapylmagy sebäpli ewakuasiýa ediler. Bu barada ýerli administrasiýa salgylanyp, Bild habar berýär.

2-nji iýunda Kýolnyň Doýs sebitinde alnyp barlan geologiki işleriň dowamynda hünärmenler üç amerikan awiabombasyny tapdy. 4-nji iýunda olary zyýansyzlandyrmak boýunça işler meýilleşdirilýär. Häkimiýetleriň maglumatlary boýunça, ewakuasiýa 1945-nji ýyldan bäri şäherde iň uly ewakuasiýalaryň biri bolar.
Belläp geçsek, Kýoln uruş ýyllary howa hüjümlerinden güýçli zyýan çekdi.
Ewakuasiýa zolagy şäher infrastrukturasynyň möhüm desgalaryny öz içine alýar. Demirýol menzili, şäher edarasy, hassahana, iki garrylar öýi, birnäçe mekdepler we çagalar baglary, şeýle-de RTL teleradiokompaniýasy wagtlaýyn ýapylar. Mundan başga-da, Reýn derýasynyň üsti bilen geçýän üç köpri ýapylar.
Şäheriň belli nyşany – Kýoln ybadathanasy çäklendirilen zolaga girmez.


17.06.2026 11:34
6.1k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

03.01.2026 21:36
17k+

Germaniýanyň taryhynda iň uly talaňçylyklaryň biri: bankdan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy

Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherindäki Sparkasse bankynyň ammaryndan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bild habar berýär. Ogurlyk barada 29-njy dekabrda belli boldy. Bankyň şahamçasy şol gün Roždestwo baýramy sebäpli ýapykdy...