6.6k+

Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy

Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy...

6.1k+

Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi

2024-nji ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň sany 5,6% artyp, 3508 adama ýetdi – bu 2020-nji ýyldan bäri iň uly ösüş boldy. Olaryň umumy baýlygy 10,3% artyp, görlüp-eşidilmedik 13,4 trln dollara ýetdi. Şeýle maglumatlar Altrata gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Billionaire Census 2025 ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar...

40k+

“Yhlas Kagyz” HK CIET-2025 sergisinde ANYK TEKLIPLERI hödürlär

«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 3-4-nji noýabrda geçiriljek CIET-2025 - «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisinde we maslahatynda LiuGong hem-de Zoomlion gurluşyk tehnikalary bilen tanyşmaga çagyrýar...

14k+

Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň “Harasat awçylary” hökmünde belli bolan 53-nji meteorologiki gözleg eskadrilýasynyň uçarmanlary gözegçiligiň tutuş taryhynda Atlantikada iň güýçli harasatlaryň biri bolan “Melissa” tupanynyň merkezinden uçdy...

1.8k+

Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar...

8.5k+

Misiň bahasy taryhy iň ýokary derejäni täzeledi

Mis üçin üç aýlyk fýuçersleriň bahasy Londonyň metal biržasynda (LME) taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Söwdanyň dowamynda baha bir tonna üçin 11 146 dollara ýetdi we bu öňki bahalardan 0,92% ýokarydyr. Öňki rekord 2024-nji ýylda goýuldy...

322k+

Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady

Täze ýyl möwsümi badalga alýar. Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany işläp başlady. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş...

11k+

ABŞ-da sesden tiz uçýan sessiz X-59 uçarynyň ilkinji uçurylyşy geçirildi

ABŞ-da Lockheed Martin we NASA tarapyndan bilelikde işlenip düzülen synag görnüşli ýokary derejeli X-59 uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryldy. Synaglar Kaliforniýada geçirildi: uçar ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Skunk Works zawodyndan uçup, Eduard howa güýçleri bazasyna gondy...

1.8k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi...

2.5k+

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy içaly filmleriniň 20-ligini düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy 20 içaly filminiň sanawyny neşir etdi. Saýlawa 1920-nji ýyllaryň ahyryndan şu güne çenli surata düşürilen filmler girizildi. Sanawda birinji orny Şon Konneriň baş keşbi janlandyrmagyndaky Jeýms Bond hakyndaky üçünji film — “Goldfinger” («Голдфингер») (1964) eýeledi...

11k+

Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy. Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny  gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar...

2.6k+

Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler...

3.5k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

3.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy...

6.4k+

Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi

Samsung kompaniýasy ilkinji gezek üç eplenýän — Galaxy Z TriFold täze smartfonynyň nusgasyny görkezdі. Täze enjam Günorta Koreýada geçirilýän APEC 2025 sammitinde tanyşdyryldy diýip, SamMobile habar berýär. Žurnalistler we myhmanlar smartfony diňe aýnaň aňyrsyndan görüp bildiler: bir nusga eplenen, beýlekisi bolsa doly açyk ýagdaýda ýerleşdirildi...

6.1k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

14k+

Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy

Sişenbe güni Ýamaýkanyň üstünden “Melissa” atly harasat geçip gitdi. Ol suw joşmalaryna we köpçülikleýin elektrik kesilmelerine sebäp boldy. "Melissa" bu ada döwletiniň taryhynda iň güýçli harasat boldy. ABŞ-nyň Harasat gözegçilik Milli merkeziniň (NHC) maglumatlaryna görä, 29-njy oktýabrda irden harasat Kubanyň kenaryna ýetdi...