Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz

  • 07.03.2026 19:40
  • 7k+

La Liga Ispaniýanyň futbol taryhyna bagyşlanan «Retro Matchday» (Retro oýun güni) atly taryhda ilkinji gezek geçiriljek aksiýany yglan etdi.

Resmi habara görä, 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda La Ligadan (31-nji tapgyr) we Segundadan (35-nji tapgyr) jemi 38 klub meýdança öňki ýyllaryň dizaýnlaryndan ylham alnyp taýýarlanan lybaslarda çykar. Diňe bir oýunçylar däl, eýsem eminler hem ýörite egin-eşik bilen üpjün ediler. Hatda oýunlaryň teleýaýlymlardaky görkezişleri hem «retro» stilindäki grafika bilen bezeler.

Gatnaşyjy toparlaryň lybaslaryny 19-njy martda Madriddäki Modalar hepdeliginde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

«Mundo Deportivo» neşiriniň «COPE» radiostansiýasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, «Barselona» we «Real» bu çärä gatnaşmazlar. Katalonlaryň kluby tehniki sebäplere görä, ýagny «retro» lybaslaryny häzirki möwsüm üçin wagtynda taýýarlap we sertifikasiýadan geçirip bilmändigi üçin bu gezekki aksiýadan ýüz öwürdi. Emma topar geljek ýyl bu taslama goşulmagy meýilleşdirýär.

«Real» bolsa bu başlangyja goşulmandygy sebäpli çärä gatnaşmaýar. Şeýle-de, «Raýo Walýekano» we «Hetafe» klublary hem bu taslamadan ýüz öwürdiler.


18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

13.06.2026 12:33
5.7k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....