Sürüp bolanok, ýöne diwary bezeýär: üýtgeşik Ferrari 250 Testa Rossa auksiona çykaryldy

  • 07.03.2026 11:59
  • 6.1k+

Collecting Cars internet platformasy adaty bolmadyk, öý üçin sungat eserini — meşhur Ferrari 250 Testa Rossa sport awtoulagynyň kuzowynyň kiçi nusgasy görnüşinde diwar heýkelini auksionda satýar. Auksionyň tamamlanmagyna 24 sagatdan az wagt galanda, onuň soralýan bahasy 9107 funt sterlinge (takmynan 11 600 dollar) deňdir.

Heýkel Maranellodaky Ferrari arhiwinden asyl suratlary ulanyp, Hedley Studios tarapyndan döredildi. Şonuň üçin sungat eseri öndüriji tarapyndan tassyklanan ygtyýarly önüm hasaplanýar. Şuňa meňzeş 19 sany nusgany çykarmak meýilleşdirilýär.

Hakyky awtoulag bilen deňeşdirilende, kuzow dörtden bir esse kiçeldilen. Heýkeliň uzynlygy 3,1 metr, ini bolsa 1,1 metr. Ol elde ýasalan alýuminiýden taýýarlandy — asyl ýaryş awtoulaglarynyň kuzowlary hem şeýle usul bilen taýýarlanýardy.

Ferrari 250 Testa Rossa XX asyryň iň meşhur ýaryş awtoulaglarynyň biri hasaplanýar. Ol 1957-nji ýyldan 1961-nji ýyla çenli dürli atelýeleriň kuzowlary bilen çykaryldy. Ol 3,0 litrlik Colombo V12-niň ýörite işlenip düzülen görnüşi bilen enjamlaşdyryldy.

Bu model 1958-nji, 1960-njy we 1961-nji ýyllarda “Le Manyň 24 sagadynda”, 1958-nji, 1959-njy we 1961-nji ýyllarda “Sebringiň 12 sagadynda”, 1958-nji we 1960-njy ýyllarda “Buenos-Aýresiň 1000 kilometrinde”, şeýle hem 1958-nji ýylda “Targa Florio” ýaryşynda ýeňiş gazanypdy.


şu gün 09:56
665

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....