Brand Finance dünýäniň iň gymmat bank brendleriniň adyny aýtdy

  • şu gün 17:52
  • 564

Brand Finance konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat 500 bank brendiniň her ýylky reýtingini hödürledi.

Hytaýyň Industrial Commercial Bank of China (ICBC) banky reýtingiň lideri bolmagynda galýar. Bir ýylyň dowamynda bu bankyň brendiniň bahasy 14,9% artyp, 90,8 milliard dollara ýetdi.

Ikinji orunda China Construction Bank ýerleşýär — onuň brendiniň bahasy 1,5% aşaklap, 77,181 milliard dollary düzdi.

Üçünji orny Bank of China eýeledi, ol brendiniň bahasyny 10,9% artdyryp, 70,8 milliard dollara ýetirmegi başardy. Şunlukda, ol brendiniň bahasy 10,6% azalan we 62,8 milliard dollara düşen Agricultural Bank of China bankyndan öňe geçdi.

Umuman alanyňda, reýtingiň ilkinji ýüzlügine Hytaýyň 15 sany banky girdi.

Sanawda BRICS ýurtlarynyň banklary hem bar: Russiýanyň «Sber» banky (61-nji orun), Hindistanyň HDFC Bank (41-nji orun) we Axis Bank (96-njy orun) banklary. Reýtingde BAE-niň banklary — Emirates NBD (71-nji), FAB (77-nji) we ADCB (93-nji), şeýle hem Braziliýanyň Banco do Brasil (85-nji), Bradesco (90-njy) we Nubank (98-nji) ýaly banklary hem bar.

Brand Finance bu reýtingi düzeninde «roýaltiden boşatmak» usulyny ulanýar. Bu usul, eger brend başga bir gurama degişli bolan bolsa, kompaniýanyň öz brendini ulanandygy üçin näçe töläp biljekdigini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.


16.01.2026 15:47
10k+

ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny togtadýar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny bermegi togtadýar diýip, Fox News departamentiň gulluk beýanyna salgylanyp habar berdi. Teleýaýlym tarapyndan gözden geçirilen içki resminama görä, ilçihanalaryň işgärleri arzaçylary barlamak we saýlamak işleri tamamlanýança wiza bermekden wagtlaýyn saklanmalydyrlar...

08.07.2025 09:53
7.4k+

BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi...

07.07.2025 11:28
3.9k+

BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady

Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi. Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly...

02.05.2025 16:31
17k+

Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy

Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir...