BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi

  • 08.07.2025 09:53
  • 7.4k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi. Bellenilişi ýaly, şeýle çäreler resmi migrasiýa kadalaryna laýyk gelmeýär we halkara hukuk güýjüne eýe däl.

6-njy iýulda TON Foundation guramasynyň baş direktory Maks Kraun kriptowalýutalar arkaly wizalaryň berilmegi boýunça täze programmanyň başlandygyny habar berdi. Guramanyň resmi sahypasynda görkezilen talaplara laýyklykda, islendik adam 10 ýyllyk wiza alyp biljekdigi öňe sürlüpdi.
Bu beýanatdan soň, BAE-niň üç döwlet edarasy – Şahsyýeti anyklamak, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal müdirlik (ICP), Wirtual aktiwleri düzgünleşdirýän edarasy (VARA) we Gymmatly kagyzlar we harytlar boýunça dolandyryş müdirligi (SCA) – resmi ret etme bilen çykyş etdiler.
ICP "altyn wizalaryň" diňe tassyk edilen talaplara laýyklykda – gozgalmaýan emläge maýa goýumlar, alymlar, telekeçiler, zehinli talyplar we beýleki aýratyn toparlar üçin – berilýändigini düşündirdi. Sanly aktiwlere maýa goýumlar bu kategoriýalaryň hataryna girmeýär.
SCA bolsa sanly aktiwleriň aýratyn düzgünleşdirilýändigini, wiza programmalary bilen baglanyşykly däldigini nygtady we bazar gatnaşyjylaryna diňe resmi çeşmelere bil baglamagy maslahat berdi.
Ýekşenbe güni "altyn wiza" baradaky ýalan habaryň yzýany, TON kriptowalýutasynyň bahasy tiz ýokarlandy we $3-dan geçdi. Emma soňundan düzediş bilen $2,85 derejesinde saklandy.


03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

17.04.2026 10:26
1.1k+

Türkmenistan we «BMG-Syýahatçylyk» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula......