ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny togtadýar

  • 16.01.2026 15:47
  • 10k+

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny bermegi togtadýar diýip, Fox News departamentiň gulluk beýanyna salgylanyp habar berdi.

Teleýaýlym tarapyndan gözden geçirilen içki resminama görä, ilçihanalaryň işgärleri arzaçylary barlamak we saýlamak işleri tamamlanýança wiza bermekden wagtlaýyn saklanmalydyrlar. Togtadylma 21-nji ýanwarda başlanar we wiza düzgünleri täzeden gözden geçirilýänçä öz güýjünde galar.
Döwlet departamenti çäklendirmeleriň, ABŞ hökümetiniň gelen netijesine görä, raýatlary salgyt töleýjiler tarapyndan maliýeleşdirilýän hem ýygy jemgyýetçilik kömegini alýan ýurtlara girizilýändigini düşündirdi. Çäklendirmeler häkimiýetler täze migrantlaryň jemgyýete maliýe ýüküne öwrülmezligine kepil geçýänçä güýjünde galar.
Migrant wizalary daşary ýurtlulara hemişelik ýaşamak üçin ABŞ-a göçmäge mümkinçilik berýär.
Fox News teleýaýlymynyň habarynda wiza togtadylan ýurtlaryň sanawyna Owganystan, Albaniýa, Alžir, Antigua, Barbuda, Ermenistan, Azerbaýjan, Bagam adalary, Bangladeş, Barbados, Belarus, Beliz, Butan, Bosniýa, Braziliýa, Mýanma, Kamboja, Kamerun, Kabo-Werde, Kolumbiýa, Kot-d'Iwuar, Kuba, Kongo Demokratik Respublikasy, Dominika, Müsür, Eritreýa, Efiopiýa, Fiji, Gambiýa, Gruziýa, Gana, Grenada, Gwatemala, Gwineýa, Gaiti, Eýran, Yrak, Ýamaýka, Iordaniýa, Gazagystan, Kosowa, Kuweýt, Gyrgyzystan, Laos, Liwan, Liberiýa, Liwiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Moldowa, Mongoliýa, Çernogoriýa, Marokko, Nepal, Nikaragua, Nigeriýa, Pakistan, Kongo Respublikasy, Russiýa, Ruanda, Sent-Kits we Newis, Sent-Lýusiýa, Sent-Winsent we Grenadinler, Senegal, Sýerra-Leone, Somali, Günorta Sudan, Sudan, Siriýa, Tanzaniýa, Taýland, Togo, Tunis, Uganda, Urugwaý, Özbegistan, Ýemen girýär.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......