Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

  • 07.03.2026 09:43
  • 4.1k+

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy parahatsöýüjilikli «Açyk gapylar» daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hödürledi we kärdeşlerini milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň ÝHHG-niň we Parlamentara birleşiginiň meýdançalarynda işjeň hyzmatdaşdygyny belledi. Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň Parlamentleriniň 15-isi bilen ikitaraplaýyn parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigine aýratyn üns berildi. Taraplar Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygyndaky amatly ýerleşişiniň uzak möhletleýin söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

«Türkmenistan — ÝB» bilelikdäki komitetiň 24-nji mejlisiniň netijeleri bilen baglylykda, ulag, sanlylaşdyrmak, energetika we ekologiýa ulgamlaryndaky taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa tarapy Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdi.

Duşuşyk taraplaryň howpsuzlygy berkitmäge we giň gerimli düzümleýin başlangyçlary durmuşa geçirmäge bolan meýillerini tassyklady.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......