Täze Toyota RAV4 Plug-in Hybrid öňki neslinden has arzan we kuwwatly boldy

  • 08.03.2026 00:12
  • 4.9k+

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin 2026-njy model ýylynyň Toyota RAV4 Plug-in Hybrid krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täze wersiýa öňki nesliň modellerinden has arzan boldy, şol bir wagtyň özünde onuň görnüşleriniň sany artdyryldy.

Eger ozal elektrik ulgamyna birikdirilýän gibrid (PHEV) diňe iki görnüşde hödürlenen bolsa, indi alyjylar üçin dört sany wersiýa elýeterlidir. Ozaldan mälim bolanlara indi ýolsuz ýerlere niýetlenen Woodland we sport görnüşli GR Sport modelleri goşuldy.

SE esasy wersiýasynyň bahasy eltip bermek hyzmaty bilen bilelikde 42 950 dollardan başlanýar. Bu bolsa öňki nesliň degişli wersiýasyndan 3 315 dollar arzan diýmekdir.

Woodland wersiýasy 46 750 dollardan hödürlenýär.

XSE 48 650 dollar diýlip bahalandyrylýar — bu öňki modeliň meňzeş wersiýasyndan 1 910 dollar arzandyr.

Täze iň ýokary wersiýa GR Sport boldy. Ol sport elementlerini, tigir yzynyň has giň aralygyny we täzeden sazlanan podweskany hem-de şassini aldy. Onuň bahasy 49 950 dollardan başlanýar — bu öňki iň ýokary XSE wersiýadan 610 dollar pesdir.

Diňe elektrik energiýasy bilen geçýän ýoly has sygymly akkumulýatoryň netijesinde, takmynan, 68 kilometrden 80 kilometre çenli artdy. Woodland we XSE wersiýalary CCS birikmesi arkaly çalt zarýad bermegi goldaýar: 10%-den 80%-e çenli zarýad almak 30 minut töweregi wagt alýar.

Krossower gibrid ulgamynyň düzüminde 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Umumy kuwwaty 302 at güýjünden 320 at güýjüne çenli ýokarlandy. Ähli modellerde doly çekiji ulgamy standart hökmünde hödürlenýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......