Microsoft işläp düzüjiler üçin Build 2026 maslahatynyň geçiriljek senesini yglan etdi

  • 06.03.2026 18:24
  • 872

Microsoft kompaniýasy her ýyl geçirilýän «Build 2026» maslahatynyň senesini mälim etdi. Çäre 2-3-nji iýun aralygynda San-Fransisko şäherinde bolar, onuň esasy sessiýalaryny bolsa onlaýn görnüşde mugt görüp bolar.

Maslahata ýüzbe-ýüz gatnaşmak üçin petegiň bahasy 1099 dollara deňdir. Hasaba alyş işleri eýýäm resmi saýtda açyldy. Maslahat emeli aň ulgamyndaky işläp düzüjiler, tehniki ýolbaşçylar we korporatiw pudagyň hünärmenleri üçin niýetlenendir.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, maksatnama amaly işlere gönükdiriler. Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar dürli modellerden we agentlerden başlap, köp modelli amallara çenli — giň gerimli emeli aň ulgamlaryny döretmek we ornaşdyrmak boýunça seminarlara gatnaşyp biler.

Gatnaşyjylar Microsoft-yň inženerleri bilen bilelikde dürli çözgütleriň üstünde işläp biler. Şeýle hem olara GitHub we Microsoft Foundry arkaly täze mümkinçilikler elýeterli bolar, hünärmenler bolsa işlenip düzülen çözgütleri hususy taslamalarda ulanmaga kömek eder.

Çykyş etjekleriň arasynda Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadellanyň bolmagyna garaşylýar. Onuň esasy çykyşy ýerli wagt bilen 2-nji iýunda sagat 08:00-a meýilleşdirildi. Şeýle hem Skott Hanselman we GitHub-yň wekilleri çykyş eder.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....