Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň ABŞ-daky täze ilçisi wezipesine bellenildi

  • 07.03.2026 07:32
  • 11k+

6-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň beýleki bir Permany bilen, Aýdogdyýew başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, Sloweniýa Respublikasyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Ol bu wezipeleri Moskwa şäherindäki rezidensiýasyndan alyp barýardy.

Waşingtondaky ilçi wezipesinde Aýdogdyýew Meret Baýramowiç Orazowyň ornuny eýelär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Orazow Türkmenistanyň ABŞ-daky, Meksikadaky we Kanadadaky ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Mundan başga-da, başga işe geçmegi sebäpli Orazow Türkmenistanyň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky wekili wezipesinden hem boşadyldy.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......