Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda futbolkalaryň kolleksiýasyny çykarar

  • 07.03.2026 17:17
  • 1k+

Mart aýynyň ahyrynda ýapon brendi Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze geýim kolleksiýasyny çykarar.

Hypebeast kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kapsul setirinde ulular we çagalar üçin tematik suratly maýkalar bolar. Jemi üç dizaýn taýýarlandy.

Modelleriň biri oňurganyň ugry boýunça geçýän ýoluň suraty çap edilen gara maýkadyr.

Beýleki ak modeliň öň tarapynda Mikki Mausyň kellesiniň şekilindäki ýaryş ýoly, arka tarapynda bolsa häzirki Formula 1 möwsüminiň ýaryşlarynyň senenamasy bar.

Üçünji maýka hem ak reňkde: ol iri gara-ak gözenek çyzmykly print, şeýle hem Mikki Maus we Formula 1 logotipleri bilen bezelen.

Bu Disney bilen Formula 1-iň arasyndaky ilkinji bilelikdäki başlangyç däl. Ozal Gentle Monster olar bilen hyzmatdaşlyk edip, ýaryş awtoulaglaryndan ylham alan äýnek çarçuwalarynyň toplumyny hödürläpdi.


17.06.2026 11:16
962

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

06.03.2026 15:42
5.1k+

KitKat şokoladdan hakyky ölçegdäki «Formula-1» ulagyny ýasady

Silwerstoun awtodromynda öňki awtoýaryşçy Billi Monger şokoladdan hakyky ululykdaky ulagy tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik taslama KitKat brendiniň «Formula-1» bilen resmi hyzmatdaşlygynyň başlamagyna, şeýle-de «KitKat Formula 1 Car» atly çäkli mukdardaky süýjülikleriň çykarylmagyna bagyşlanýar...

04.03.2026 14:13
1.3k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...