Silwerstoun awtodromynda öňki awtoýaryşçy Billi Monger şokoladdan hakyky ululykdaky ulagy tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik taslama KitKat brendiniň «Formula-1» bilen resmi hyzmatdaşlygynyň başlamagyna, şeýle-de «KitKat Formula 1 Car» atly çäkli mukdardaky süýjülikleriň çykarylmagyna bagyşlanýar.
Bu täsin modeli döretmek üçin jemi 1254 sagat sarp edildi. Şokolad bolidiniň uzynlygy bäş metr, ini iki metr, agramy bolsa takmynan 350 kilograma barabardyr. Bu görkeziji takmynan 16 900 sany KitKat taýajygyna deň gelýär. Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky Nestlé konditer kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Skott Koulz bu barada şeýle diýdi: «KitKat elmydama arakesmeleriň ähmiýetini nygtap gelýär, şonuň üçin Formula-1 bilen hyzmatdaşlygymyzyň hatyrasyna hakykatdan hem garaşylmadyk bir zat döretmegi ýüregimize düwdük. Biz bu sportuň takyklygyna we brendimiziň oýunçyl ruhuna hormat goýmak üçin şokoladdan ýaryş ulagyny ýasadyk. Biz diňe bir ýaryş ýolunda peýda bolman, eýsem ýaryş ruhuny supermarketlere hem getirýäris we Formula-1-däki her bir arakesmäni janköýerler üçin waka öwürýäris».
Belläp geçsek, bu çäkli mukdardaky batonçikler diňe Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň käbir saýlama supermarketlerinde satuwa çykarylar.