Toyota oturgyçlar bilen bagly mesele sebäpli 550 müň töweregi Highlander-i yzyna çagyrýar

  • 07.03.2026 17:45
  • 5.7k+

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazarynda satylan takmynan 550 müň sany Highlander krossoweriniň ikinji hatardaky oturgyçlar bilen bagly ýüze çykyp biljek  mesele sebäpli meýletin yza çagyryşy yglan etdi.

Bu çagyryş 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndürilen awtoulaglaryň benzin we gibrid görnüşlerine degişlidir.

Öndürijiniň maglumatyna görä, ikinji hatardaky oturgyçlaryň arka tarapyny sazlamak mehanizmi oturgyçlaryň arka tarapynyň burçy üýtgedilenden soň, doly beklenmezligi mümkin. Bu ýagdaýda, oturgyçlaryň arka tarapy ýeterlik derejede berkidilmän, heläkçilikde ýolagçylaryň ýeterlik goragyny üpjün etmezligi mümkin, bu bolsa şikeslenme howpuny artdyrýar.

Meseläni çözmek üçin ulag eýelerine ygtyýarly dilerlerde mugt abatlaýyş işleri hödürlener. Hünärmenler oturgyçlaryň arka tarapynyň sazlanyş mehanizmindäki gaýtaryjy puržinlary täzelenen bölekler bilen çalşyrarlar.

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylyň maý aýynyň başynda awtoulag eýelerine barlagyň zerurlygy barada habar bermäge başlamagy meýilleşdirýär. Habar berlenden soň, awtoulaglar abatlaýyş işleri üçin dilerlere eltilip bilner.

Kompaniýa bu näsazlyk bilen bagly kimdir biriniň şikes alanlygy barada maglumatyň gelip gowuşmandygyny aýdýar. Şeýle hem, awtoulag eýelerine mümkin boldugyça ýolagçylary üçünji hatarda oturtmak maslahat berilýär, sebäbi bu oturgyçlarda mesele ýok.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......