11k+

Altyn bilen kümüş birden arzanlady

Gymmatbaha metallaryň bazary rekord derejedäki ösüşini bes edip, birdenem pese gaçdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Gymmatbaha metallaryň arzanlamagyna ilkinji nobatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Kewin Uorşy Federal Rezerw Ulgamynyň (FRU) başlygy wezipesine hödürleýänligi baradaky habarlaryň netijesinde dollaryň güýçlenmegi sebäp boldy...

4.4k+

Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy...

1.3k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...

2.5k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

11k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

1.7k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...

19k+

«Ýo-ýo ýaly...»: Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi

​ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi...

5.3k+

Tejen etrabynda migrasiýa gullugynyň bölüminiň täze edara binasy açyldy

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sargydy boýunça amala aşyrylan bu taslamany «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy gurdy...

1.5k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

704

ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi

Ýewropa guramalary W Social atly täze sosial tory işe girizdiler. Onda ähli ulanyjylaryň şahsyýeti resminamalar we fotosuratlar arkaly hökmany tertipde tassyklanylmak şerti hereket edýär.  Politiken neşiriniň habar bermegine görä, beýle ädim täze platformany botlardan we anonim hasaplardan goramak üçin gerek...

6.3k+

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana ekologiýa taslamalary üçin goşmaça €2 mln bölüp berýär

Aşgabatdaky SPECA hepdeligi sebiti ösdürmek boýunça birnäçe möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Hususan-da, «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň üçünji mejlisinde Brýusseliň ýurduň ekologiýa maksatnamalaryny giňeltmek üçin goşmaça 2 million ýewro bölüp berýändigi yglan edildi...

2.9k+

Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy

Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi...