Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

  • 28.04.2026 13:59
  • 2.3k+

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara gutlag hatyny ýollady. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigini belledi.

Gutlagda Hytaýyň Türkmenistan üçin iri söwda-ykdysady hyzmatdaşdygy bellenilip, esasan hem nebitgaz, ulag, sanly tehnologiýalar we logistika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Hatda «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işleriň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigi bellenilýär.

«Hytaý Halk Respublikasynyň iri kompaniýalary Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri, kärhanalary bilen bilelikde iş alyp barýarlar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň alyp barýan işleri hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýär».

Döwlet Baştutany Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň täze tehnologiýalary we innowasion tejribeleri alyşmakda uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......