Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 30.04.2026 16:01
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ol döwlet Baştutanyna Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň salamyny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we diplomatyň bu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatyny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ösdürýär. Iki ýurt hem durnukly ösüş, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerýär.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy. Prezident Türkmenistanyň başlangyçlaryna berýän goldawy we möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi.

«Biz geljekde hem ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary tarapyndan halkara giňişlikde alnyp baryljak işleri utgaşdyrmagy goldarys» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna seredildi. Olaryň arasynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar agzaldy.

Mundan başga-da, ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi maslahatlaşyldy.

Prezident özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......