Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

  • 06.05.2026 09:48
  • 5.5k+

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi.

Täze ulgamyň esasy maksady — ykdysadyýet üçin möhüm bolan hünärmenleriň we maýadarlaryň gelmegini hem-de işe ýerleşmegini ýeňilleşdirmekdir. Resminamalary taýýarlamak işleri sanly ulgama geçiriler we «bir penjire» ýörelgesi boýunça has çalt amala aşyrylar.

«Altyn wiza» esasan maýadarlar, önümçilik we infrastruktura hünärmenleri, inženerler, IT we lukmançylyk işgärleri üçin niýetlenendir.

Olar üçin Gazagystanda ýaşamak we işlemek şertleri has durnukly bolar. Şeýle-de, zerur pudaklarda daşary ýurtly hünärmenleriň diolomlaryny ykrar etmek işi hem aňsatlaşdyrylar.

Häzirki wagtda Gazagystanda hemişelik ýaşamak hukugy bolan 240 müňden gowrak daşary ýurtly bar. Olaryň 40 göterimi (97,5 müňüsi) Russiýanyň raýatlarydyr. Daşary ýurtlular köplenç ýaşamak üçin Almaty we Astana şäherlerini, şeýle hem Karaganda, Kostanaý we Pawlodar ýaly welaýatlary saýlaýarlar.


25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.4k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......