Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

  • 28.04.2026 15:24
  • 11k+

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady. TmCars-yň habarçysy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynda täze bir sahypanyň şaýady bolmak we wakanyň jümmüşinden maglumat bermek üçin sergi merkezine ugrady.

Bu ýerdäki işjeňlik ilkinji minutlardan ünsi özüne çekýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşine öwrüp, häzirkizaman bähbitleri bilen birleşdirýän bu çäre Hytaýyň Türkmenistan üçin iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

Sergä Hytaý Halk Respublikasynyň 80-den gowrak döwlet edarasy we kompaniýalary gatnaşýar. Ekspozisiýalarda agyr maşyngurluşyk, nebitgaz senagaty, ýokary tehnologiýalar we elektronika ýaly strategik ugurlar görkezilýär. Hususan-da, «Huawei», «Geely», «Kaiquan», «Boshiran», «Lovol», «Nuctech» we «Shantui» ýaly dünýä belli brendler özleriniň iň döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşmagyna aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem hususy pudakda hem uly gyzyklanma döredýär. Çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagy halkara söwdasynda hususy işewürligiň ornunyň barha artýandygyny delillendirýär.

Häzirki forum innowasiýalary we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin güýçli itergi bolar diýlip garaşylýar. Üç güne niýetlenen maksatnamanyň çäklerinde taraplar täze maýa goýum taslamalaryny we uzak möhletleýin şertnamalary ara alyp maslahatlaşar.

Şu gün we ertir, 28-nji hem-de 29-njy aprelde, sergi diwarlyklary hünärmenler we myhmanlar üçin sagat 10:00-dan 18:00-a çenli açyk bolar. Işiň soňky güni bolan 30-njy aprelde sergi sagat 16:30-da tamamlanar. Şol wagta çenli gatnaşyjylar duşuşyklaryň jemini jemlär we gazanylan ylalaşyklary şertnamalar bilen berkider.


düýn 17:29
6.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......