Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

  • 29.04.2026 08:12
  • 2.3k+

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we ministrligiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň barşynda syýasy gepleşikleri has-da pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek we halkara guramalaryň, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde özara goldaw bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gepleşikleriň esasy özeni bolup, taraplar bu ugurda täze mümkinçilikleri öwrenmäge taýýardyklaryny tassyklady. Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek we medeni-ynsanperwer, ylym hem-de bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alşyldy.

Gepleşikleriň ahyrynda türkmen tarapy moldowaly hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda guralýan halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....