Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

  • 26.04.2026 09:48
  • 2.3k+

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşdy.

Taraplar ulag-logistika gatnaşyklaryny, energetika, sanlylaşdyrma we söwda ýaly möhüm ugurlary ösdürmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. 2027-nji ýyl üçin meýilleşdirilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça üçünji Meýletin milli syny taýýarlamaga aýratyn üns berildi. ESCAP bu işde maslahat beriş we seljeriş goldawyny bermegini dowam etdirer.

Şeýle hem Türkmenistanyň we sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen infrastruktura taslamalary maslahatlaşyldy. Ýurduň howanyň üýtgemegi babatda we ekologiýa gün tertibini ilerletmekdäki işjeň orny bellenildi.

Sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti sebit hyzmatdaşlygyny we maýa goýum taýdan özüne çekijiligi ýokarlandyrmak boýunça geçirilen ara alyp maslahatlaşmalara hem gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy sessiýanyň çäklerindäki möhüm waka boldy, onuň netijeleri boýunça «Bilelikdäki beýannama» kabul edildi. Bu ýerde «2030-njy ýyla çenli Maksatnamanyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek bilen SPEKA-nyň ösüş konsepsiýasynyň» institusional gurallaryna aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapynyň esasy teklibi hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini ESCAP-yň ýöriteleşdirilen instituty hökmünde döretmek baradaky başlangyjy hödürlendi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi daşky gurşawy goramak meselelerinde sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge we sebitiň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini amala aşyrmak işine uly goşant goşmagyna ýardam eder.

Sessiýanyň netijeleri boýunça ESCAP-yň indiki duşuşygyny 2027-nji ýylyň 26–30-njy apreli aralygynda Şanhaýda (Hytaý) geçirmek barada çözgüt kabul edildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......