Seljermeler 2030-njy ýyla çenli Irlandiýanyň Ýewropanyň iň baý ýurdy boljakdygyna güwä geçýär

  • 27.04.2026 12:26
  • 4.5k+

Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi boýunça ýerleşişi düýpli üýtgemez.

Barlag Ýewropanyň 41 ýurdy üçin geçirildi. Hasaplamalarda nominal JIÖ we hakyky bahalary görkezýän satyn alyş ukybynyň pariteti (SUP) ulanyldy.

Şoňa laýyklykda, Irlandiýa Lýuksemburgy yzda galdyryp, satyn alyş ukybynyň pariteti boýunça birinji orna çykar.

Hünärmenler Irlandiýanyň görkezijileriniň ýurtda iri halkara kompaniýalarynyň bolmagy sebäpli biraz yrga ýa-da hakyky ýagdaýyň üstüni örtýän ýaly bolup görünjekdigini-de belleýärler. Sebäbi Bütindünýä bankynyň 2024-nji ýyl üçin maglumatlaryna ser salsaň, Irlandiýa jemi içeki önümi boýunça ilkinji dörtlüge-de girmeýär.

Ilkinji bäşlik Irlandiýa, Lýuksemburg, Norwegiýa, Şweýsariýa we Daniýa boldy. Bu ýurtlaryň orunlary şol bir durnuklylygyny saklar.

Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetleriniň sanawynda Germaniýa 12-nji orun bilen öňdeligi saklaýar. Şeýle-de Fransiýa 15-nji, Beýik Britaniýa 16-njy, Italiýa 18-nji, Ispaniýa 22-nji orny eýelediler.

Sanawyň soňunda esasan Ýewropa Bileleşigine (ÝB) dalaşgär ýurtlar ýerleşýär. Türkiýe 29-njy orny eýeläp, Bolgariýadan, Latwiýadan we Gresiýadan öňde durýar.

Netijeden çen tutsaň, ýakyn ýyllarda ýewropa ýurtlarynyň ykdysady reýtinginde uly sarsgynlar ýa-da düýpli üýtgeşmeler bolmaz. Ýurtlaryň aglabasy häzirki eýeleýän orunlaryny sypdyrmazlar.


şu gün 18:11
554

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

şu gün 17:39
393

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......