13k+

Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy

Şu tomusda taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler. Indi ýaryşyň doly sanawy hem mälim boldy — guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt UFC 326 ýaryşynyň dowamynda resmi duşuşyklary yglan etdi. Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk guşagy ugrunda Iliýa Topuriýa bilen Jastin Getjiniň arasyndaky tutluşyk bolar...

6.8k+

Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz

La Liga Ispaniýanyň futbol taryhyna bagyşlanan «Retro Matchday» (Retro oýun güni) atly taryhda ilkinji gezek geçiriljek aksiýany yglan etdi. Resmi habara görä, 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda La Ligadan (31-nji tapgyr) we Segundadan (35-nji tapgyr) jemi 38 klub meýdança öňki ýyllaryň dizaýnlaryndan ylham alnyp taýýarlanan lybaslarda çykar...

4.4k+

Inýesta Marokkonyň milli ýygyndysynyň sport direktory boldy

Marokkonyň Patyşalyk futbol federasiýasy «Barselonanyň» öňki ýarymgoragçysy Andres Inýestanyň milli ýygyndynyň sport direktory wezipesine bellenendigini mälim etdi. Bu barada «Atlas ýolbarslarynyň» ýolbaşçylygynyň täze düzümine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berildi...

3.5k+

Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň russiýaly küştçi, grossmeýster, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin, şeýle hem Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklary boldy...

6.7k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...

3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

4.5k+

FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika geldi

FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika gelip ýetdi we indi ýurda syýahat etmäge başlaýar diýip, Meksikanyň Daşary işler ministrligi X sosial ulgamynda habar berdi. Ministr Huan Ramon de la Fuente ýurduň öňde duran sport baýramçylygynda janköýerleriň we gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge doly taýýardygyna ynandyrdy...

8.4k+

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekilişiginiň yzýany, Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna çykan toparlar hem öz garşydaşlaryny bildiler. Bijä görä, çärýek finala çykmak ugrunda aşakdaky toparlar özara bäsleşerler:...

5.6k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar...

11k+

«Barselona» Remezan aýynda Ýamal üçin niýetlenen ýörite iýmitleniş meýilnamasyny düzdi

​«Barselona» toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolan Lamin Ýamal üçin Remezan aýynyň başlamagyna öňünden taýýarlyk gördi. Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, klubuň lukmançylyk we dietologiýa bölümi futbolçy üçin agyz beklemäge we şol bir wagtyň özünde oňyn fiziki ýagdaýyny saklap galmaga mümkinçilik berýän aýratyn iýmitleniş we dikeldiş düzgünini işläp düzdi...

6.5k+

Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

23k+

«Sen Amerika gerek!»: Tramp Ronalduny «iň beýik» diýip atlandyrdy we ony ABŞ-a çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu täsirli wideoýazgy arkaly ýüzlendi. Bu barada «Marca» neşiri habar berýär. Prezident özüniň «X» we «TikTok» sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda Ronaldunyň we özüniň gatnaşmagynda döredilen, eýýäm internetde meşhurlyk gazanan emeli aň (AI) wideosyny paýlaşdy...