1.2k+

Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy. Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi...

3.7k+

Samsung 13-nji maýda örän inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürlär

Samsung kompaniýasy täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Model Galaxy S25 hatarynyň üstüni ýetirer we resmi taýdan 13-nji maýda hödürlener. Öň internet torunda smartfonyň suratlary, şeýle-de onuň käbir aýratynlyklary barada maglumatlar peýda bolupdy...

4.7k+

iPhone 18 hatarynda alty dürli model bolar

Apple kompaniýasy iPhone 18 hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Adaty we flagman wersiýalardan başga-da, oňa Air, “e” modelleri, şeýle-de kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony girer. Smartfonlaryň premýerasy birnäçe tapgyrda geçer...

4.1k+

Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy

Tebigatçy Iolo Uilýams Uelsdäki derýada ýabany samyra duşdy. Bu jandar Britaniýada soňky 400 ýylda ilkinji gezek göründi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Samyrlar aw sebäpli bu sebitden ýitipdi, ýöne olaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda dikelip başlady...

1.9k+

Xiaomi täze Mix 5 bilen Mix smartfon hataryny dikeldýär

Xiaomi kompaniýasy Mix smartfonlarynyň hataryna gaýdyp gelmäge taýýarlanýar. Bu barada hytaýly insaýder Digital Chat Station habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa täze Xiaomi Mix 5 modeliniň önümçiligine taýýarlanyp başlady...

3.4k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk” (Мир Юрского периода: Господство) filmi kinematograf taryhynda iň gymmat film boldy. Universal-yň Beýik Britaniýadaky salgyt resminamalaryna laýyklykda, filmiň önümçiligi 584 mln dollara (453 mln funt) düşdi...

977

Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenen “Başlat” (Start) menýusyny hödürledi. Indi ol sazlap bolýan makete we Phone Link programmasy bilen baglanyşyga eýe boldy. Menýunyň täze funksiýalary barada ilkinji yşaratlar bir aý mundan öň peýda boldy, şol wagt kompaniýanyň programmalar sanawyny esasy menýu bilen birleşdirjek bir umumy interfeýsiň üstünde işleýändigi belli boldy...

4.9k+

BMG-de Ikinji jahan urşunyň pidalary hatyralandy

Ikinji jahan urşunyň gutarmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirada BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite mejlisi geçirildi. Ol mart aýynda Russiýanyň teklibi bilen kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda geçirildi...

1.7k+

Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady

Google-yň Gemini 2.5 Pro emeli aňy 1996-njy ýylda çykan Pokémon Blue oýnuny üstünlikli tamamlady. Gemini Plays Pokémon atly taslamany Google bilen baglanyşykly bolmadyk programmist gurady. Görkezilen oýun kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda baş direktor Sundar Piçainiň  ünsüni özüne çekdi, ol bu üstünligi sosial ulgamlarda örän täsirli diýip atlandyrdy...

5.8k+

iPhone 17 Air zarýad berýän daşlyk bilen çykarylar

Täze iPhone 17 Air-iň juda inçejik dizaýny, ähtimal, batareýanyň işleýiş wagtynyň gysgalmagyna sebäp bolar. «The Information» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, bu smartfony bir günläp zarýadsyz ulanmak kyn düşer...

1.2k+

Xiaomi we Huawei ätiýaçdan Google Play-siz HyperOS 3-i işläp düzýärler

Xiaomi, BBK Group (Oppo, Vivo we OnePlus brendleriniň eýesi) we Huawei bilelikde Google Play hyzmatlary bolmazdan hem işläp biljek HyperOS 3 operasion ulgamyny işläp düzýärler. Bu ädim ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň mümkinçiligi bilen baglanyşykly bolup, şol sanksiýalar eýýäm Huawei kompaniýasyna güýçli täsir etdi...

3.9k+

Hytaýly talyplar 2 müň ýyl ozalky resept boýunça tüwi bişirdiler

Hytaýdan talyplar topary Han nesilşalygynyň döwrüne degişli bambuk golýazmasyndaky tekst boýunça tüwini bişirmegiň gadymy usulyny dikeltdi. Şeýle tagam 2 müň ýyldan gowrak wagt ozal taýýarlanypdyr diýip, Interesting Engineering portaly ýazýar...

3.5k+

Collider ähli döwürleriň iň esasy kinotrilogiýalarynyň sanawyny düzdi: “Ýüzükleriň hökümdary”, “Çokundyran ata”

Collider amerikan neşiri taryhda iň esasy kinotrilogiýalaryň reýtingini düzdi. Sanawa kinematografa uly täsirini ýetiren on taslama girdi. Şeýlelikde, neşir Jon R.R. Tolkiniň Ortaýer baradaky fentezi romanlarynyň ekranlaşdyrylmasy bolan “Ýüzükleriň hökümdaryny” (Властелин колец) iň möhüm trilogiýa diýip atlandyrdy...

4.3k+

Lionsgate Nýu-Ýorky alakalaryň basyp almagy hakynda horror filmini çykarar

Lionsgate kinokompaniýasy Nýu-Ýork şäherini agressiw alakalaryň basyp alşyny beýan edýän täze horror filmiň üstünde işleýär. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Filme häzirlikçe at dakylmady, onuň režissýory ozal «The Final Girls» atly horror filme hem-de «The Inbetweeners» serialynyň birnäçe bölümine režissýorlyk eden Todd Ştraus-Şulson bolar...

11k+

Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi. 2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar...

11k+

Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Moskwada ýaşlardan jemlenen 250 adamdan ybarat uly hor toparynda çykyş eder. Bu barada konserwatoriýada habar berdiler.  9-njy maýda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybelti Russiýa Federasiýanyň paýtagtynda GDA döwletleriniň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe konsert çykyşlary meýilleşdirilýär...

1.8k+

Nýu-Ýorkda 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň laureatlary yglan edildi. Doly sanaw baýragyň saýtynda ýerleşdirildi. “Jemgyýete hyzmaty üçin” nominasiýasynda baýragy ABŞ-da çaga aýyrtmagy gadagan etmegiň netijeleri baradaky reportaž üçin ProPublica täjirçilik däl guramasy aldy...

2.4k+

Ilon Maskyň Grok çat-boty indi gürleşip bilýär

xAI kompaniýasy Grok çat-botuny täzeläp, oňa ses aragatnaşygy funksiýasyny goşdy. Indi ulanyjylar ses arkaly sorag berip, audio jogaplary alyp bilýär. Funksiýa iOS gurluşlarynyň eýeleri üçin Grok programmasynda elýeterlidir...

4.2k+

Tom Felton “Garri Potter” boýunça täze serialyň toparyna goşuldy

Garri Potter baradaky filmlerde Drako Malfoýyň keşbi bilen tanalýan aktýor Tom Felton ýazyjy Joan Roulingiň kitaplaryna esaslanýan täze serialyň döredijilik geňeşçisi boldy. Bu barada CBR habar berýär. Ol döredijilik geňeşçisi hökmünde HBO-nyň taslamasyna gatnaşar...

3.4k+

Microsoft şu gün Skype-y hemişelik ýapýar. Messenjer 22 ýyllap işledi

2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan başlap, Skype öz işini doly bes edýär. Messenjeriň eýesi bolan Microsoft korporasiýasy bu barada ulanyjylara öňünden duýduryş beripdi. Ulanyjylara iki mümkinçilik hödürlenýär: olar ähli kontaktlaryny we hasaplaryny saklap, Teams programmasyna geçip bilerler ýa-da hatlarynyň arhiwini göçürip alyp bilerler...