Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy

  • 16.11.2025 21:39
  • 2.8k+

14-nji noýabrda Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) romany boýunça düşürilen adybir filmiň global premýerasy boldy. Film eýýäm ABŞ-da, Kanadada we başga birnäçe ýurtda görkezilýär.

Filmiň sýužeti antiutopik totalitar ABŞ-da ýaşaýan Benjamin Riçards barada gürrüň berýär. Özüniň agyr keselli gyzyny halas etmek üçin, ol “Ylgaýan adam” atly adatdan daşary şüweleňe gatnaşmaga razy bolýar. Taslamanyň düzgünlerine görä, professional ganhorlar topary onuň yzyna düşýän wagty ol 30 günläp ahyryna çenli saklanmagy başarmaly.
Filmde baş keşbi Glen Pauell ýerine ýetirdi. Režissýor Edgar Raýt boldy.
Bu “Ylgaýan adam” romanynyň ilkinji ekranlaşdyrmasy däldir. 1987-nji ýylda Arnold Şwarseneggeriň baş keşbi ýerine ýetirmeginde film çykypdy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....